GS1 Türkmenistan Milli guramasy tarapyndan kärhanalar we harytlar Global Registry halkara katalogyna bellige alnyp başlady

26 iýul 2023

GS1 Türkmenistan tarapyndan kärhanalary we harytlary Global Registry halkara katalogyna (Önüm öndürijileriň we söwdagärleriň halkara katalogy) bellige almak boýunça işler ýola goýuldy.

Geçirilýän işler GS1 halkara guramasynyň standartlaryna esaslanýan öňdebaryjy söwdagärler we meşhur brendleri öndürijiler tarapyndan 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 1-den bütin dünýäde ýaýbaňlandyrylyp başlanan täze başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen baglylykda alnyp barylýar. 

Global Registry ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegi önüm öndürijiden sarp edijä çenli üpjünçilik zynjyrynyň aýdyňlygyny üpjün etjek hem-de kontrafakt önümlere garşy göreşmekde ýardam etjek halkara harytlar katalogyny döretmäge itergi berýär.

GS1 Türkmenistan Milli guramasy tarapyndan kämilleşdirilýän haryt baradaky ýeke-täk maglumat binýady:

  • haryt baradaky maglumatlary maglumat ulgamlaryna el bilen birnäçe gezek girizmek bilen bagly artykmaç çykdajylary kemeltmäge;
  • ýalňyşlyklaryň bolmazlygyna we bütin üpjünçilik zynjyry boýunça haryt baradaky maglumatyň birmeňzeşligini üpjün etmäge;
  • awtomatlaşdyrylylan gözegçiligi amala aşyrmaga hem-de sarp edijilere harydyň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalar baradaky maglumatlary awtomatlaşdyrylan tertipde bermäge ýardam edýär.

GS Türkmenistan Milli guramasy tarapyndan bu ugurdaky işleriň üstünlikli geçirilmegini gazanmak üçin türkmen kärhanalarynyň we önüm öndürijileriniň özleriniň öndürýän harytlarynyň fotosuratlarynyň bellenilen nusgada gurama ýetirilmegi zerurdyr.

Bu barada giňişleýin maglumat goşulýan hatda getirilendir.

GS1 Türkmenistan Milli guramasy bilen habarlaşmak üçin belgiler:

(+993 12) 46-80-25/26; (+993 12) 46-85-78. info@gs1-tm.org