Çyzykli Belgi Hyzmatlary

Biz barada

2017-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň “Çyzykly belgi hyzmatlary” kärhanasynda çyzykly belgileriň simwol görkezijilerini barlaýan werifikasiýa barlaghanasy döredildi. Barlaghana Türkmenstandartlary döwlet gullugy tarapyndan attestatlaşdyryldy. Barlaghanada Döwlet we hususy kärhanalaryň öndürýän önümleriniň gaplarynda ulanýan çyzykly şertli belgileri werifikasiýa barlagyndan geçirilip olara degişli teswirnamalar berilýar.

KÄRHANANYŇ HYZMATLARY

- çyzykly şertli belgileriň we etiketkalaryň şekillerini ISO/IEC15416, ISO/IEC 15420 standartlaryna laýyklykda tassyklamak (werifikasiýa)

- çyzykly belgileriň suratyny döretmek we çap etmek, etiketkalaryň dizaýny we düzeltme işleri

- çyzykly belgileri termo kagyzlara çap etmek

- söwda nokatlary üçin çözgütler

- maslahat işleri

- web we grafika dizaýn işleri

WERIFIKASIÝA NÄME?

- Bu, çyzykly şertli belgileriň nyşanlarynyň we çap ediliş hiliniň barlagy,

- Maglumatlar düzüminiň we kodlaryň gurluşynyň anyklygynyň barlagy

- Belgileriň daşky görnüşiniň wizual-görüş we çyzykly şertli belgileriň okalyş mümkinçilikleriniň barlagydyr.

WERIFIKASIÝA NÄME ÜÇIN GEREK

Häzirki günde ýurdumyzda önüm öndürýän kärhanalar alyp barýan öz önümçilik işlerinde maglumatlaryň awtomatiki ýygymyny ulanýarlar. Şonuň üçin siz her bir çyzykly belgiňiziň anyklygyna, hakykylygyna we okalýanlygyna ynamly bolmalysyňyz. Maglumatlaryň awtomatiki ýygymynyň önümçilik we ykdysady netijeliligi, ulanylýan çyzykly belgi nyşanlarynyň diňe kepillendirilen hiliniň bolan ýagdaýynda gazanylyp biliner.

Öndürilen harydyň gaplanmasyndaky çyzykly belgileriň nädogry goýulmagy sebäpli, kän möçberli harytlaryň yzyna gaýtarylýan pursatlaryna hem duş gelmek bolýar. Kä halatlarda bolsa öz üpjün edijilerini çalyşmaga hem mejbur bolýarlar.

Çyzykly belgileriň deslapky barlagy, belgileriň birinji synanşykda okalmak ähtimallygyny artdyrýar. Elbetde biz, çyzykly belgileri okamak üçin şowsuz synanyşyp, ahyrynda bolsa maglumatlary elde girizen hasapçylara hem duş gelýaris. Çyzykly belgileri okaýjy enjamyň ştrih kody birinji synanyşykdan okamazlygy işiň netijeliligine näçe zyýan ýetirýär? Işiňiziň netijeliligini artdyrmak üçin werifikasiýa barlagy siziň üçin wajypdyr.

Çyzykly belgileri werifikasiýa barlagyndan geçirmek bilen siz çyzykly belgileriňiziň halkara ISO/IEC15416, ISO/IEC 15420 standartlaryna laýyklygyny we önümleriňiziň halkara söwda torlaryna bokdençsiz girmegini gazanarsyňyz.