EPCIS/CBV

Söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda alyş-çalyş predmeti bolup durýan, wakalar baradaky maglumatlar – bu telekeçilik işlerindäki haýsydyr bir fiziki hadysalary, mysal üçin, ýükleriň iberilmegini we alynmagyny bellige almak we anyklamak bolup durýar, bu şol hadysalaryň haçan we näme üçin bolup geçendigini düşündirýär. GS1 EPCIS (Maglumat hyzmatlary önüminiň elektron kody) standarty şu maglumata kesgitleme berýär we söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda şeýle maglumatlaryň alşylmagyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

EPCIS we işewürligiň esasy sözlügi (CBV)

EPCIS söwda hyzmatdaşlaryna önümiň bir kärhanadan beýleki kärhana we ahyrky sarp edijä barýan ýolundaky haryt iberilýän hatarlaryň ähli derejeleri boýunça önümiň ondan-oňa geçirilişine görä, onuň fiziki hereketi we statusy barada maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän GS1 standarty bolup durýar. Bu standart “näme, nirede, haçan we näme üçin” diýen soraglara jogap tapmaga kömek etmek bilen, sarp edijileriň we düzgünleşdiriji häkimiýetleriň önüm barada takyk we jikme-jik maglumatlary üpjün etmek babatynda talaplaryny doly derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

EPCIS-iň maksady – laýyk gelmeýän programmalara hadysalar baradaky maglumatlary kärhananyň içinde hem, kompaniýalaryň arasynda hem emele getirmäge we maglumatlaryň alşylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik bermek bolup durýar. Maglumatlary alyşmagyň maksady degişli telekeçilik işiniň çäginde standartlardan peýdalanyjylaryň ählisi tarapyndan fiziki ýa-da sanly obýektler baradaky umumy maglumatlaryň alşylmagy bolup durýar.

EPCIS ulgamy GS1 CBV (Işewürligiň esasy sözlügi) standarty bilen bilelikde peýdalanmak üçin işlenip taýýarlanyldy. CBV standarty EPCIS standarty tarapyndan kesgitlenýän maglumatlaryň gurluş düzümini doldurmak üçin peýdalanylyp bilinjek maglumatlaryň gymmatyna kesgitleme berýär. СBV standartynyň çäklerinde standartlaşdyrylan sözlügiň peýdalanylmagy funksional laýyklygy üpjün etmek üçin hem, maglumatlar üçin ýüz tutmagyň barşynda hem möhüm bolup durýar. Standartlaşdyrylan sözlük şeýle hem dürli kärhanalaryň umumy kabul edilen meýilleri nähili kesgitleýändigine garamazdan gözlenilýän maglumaty ýeňil tapmaga mümkinçilik berýär.

EPCIS we Işewürligiň esasy sözlügi standartlary barada has doly maglumat almak üçin GS1 Global bilim merkeziniň sahypasy bilen tanyş boluň.