Agzalyga girmegiň tertibi

GS1 Türkmenistan – GS1 halkara guramasy tarapyndan Türkmenistanda GS1 standartlary boýunça çyzykly belgileri bermäge ygtyýar berlen ýeke-täk wekildir.

Eger siz öz kärhanaňyzyň önümine çyzykly belgi goýmagy ýa-da beýleki GS1 standartlaryny ýa-da çözgütlerini peýdalanmagy karar eden bolsaňyz, onda siz GS1-iň agzasy bolan we Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk wekili bolup durýan “GS1 Türkmenistan” guramasyna girmeli bolarsyňyz.

“GS1 Türkmenistan” guramasy diňe öz agzalarynyň agzalyk gatançlarynyň hasabyna işleýär. GS1 ulgamynda guramanyň agzalary üçin çyzykly belgileri bermek, kodlaşdyrylýan önümleriniň sanawynyň näderejede giňdigine garamazdan, MUGTUNA amala aşyrylýar. “GS1 Türkmenistan” guramasyna agzalygy tassyklaýan resminama agzalyk hakynda ŞAHADATNAMA, şeýle hem agzalyk kitapçasy bolup durýar.

“GS1 Türkmenistan” guramasyna girmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy döwlet edara-kärhanalar, hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýeti we daýhan hojalyklary üçin:

- GS1 Türkmenistan guramasyna girmek barada arzany (Görnüş №1). doldurmaly. Görnüş №1 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk arzalar kabul edilmeýär!

- Maglumaty doldurmaly (Görnüş №2). Görnüş №2 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk maglumatlar kabul edilmeýär!

- Çyzykly şertli belgini almak üçin önümiň görnüşine degişli bolan "GS1 Türkmenistan”-nyň önüm sanawyny (Görnüş №3). doldurmaly. Görnüş №3 nusga laýyklykda, basma haprlar bilen doldurylýar, oňa diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we möhür basylyp tassyklanýar. Düşnüksiz doldurylan ýa-da doly doldurylmadyk arzalar kabul edilmeýär!

- Öndürilýän önümiň diňe kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen we möhür basylyp tassyklanan sanawyny bermeli.

- Tertipnamanyň nusgasyny bermeli.

- Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginden berilýän EGTYDB şahadatnamasynyň we sertifikatynyň nusgasyny bermeli.

- "Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugy tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatyny ýa-da Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen hil sertifikatyny bermeli.

- Kärhananyň ýolbaşçysynyň pasportynyň nusgasyny bermeli.

- Söwda-senagat edarasynyň kitapçasynyň nusgasyny bermeli

- Giriş we ýyllyk gatançlar barada töleg tabşyryklaryny bermeli. Töleg "GS1 Türkmenistan" guramasynyň hasaplaşyk hasabyna geçirmek bilen amala aşyrylyp bilner. "GS1 Türkmenistan" guramasynda bolnan soňky her 12 aý üçin kärhana ýyllyk agzalyk gatanjyny töleýär.

GS1 Türkmenistan guramasyna girmek barada arzanyň (Görnüş №1), maglumatyň (Görnüş №2) we çyzykly şertli belgileri almak üçin önümleriň sanaw (Görnüş №3) görnüşlerini, olary doldurmagyň nusgalaryny Siz gönüden-göni "GS1 Türkmenistan" guramasynda alyp ýa-da çap edip bilersiňiz.

Çyzykly şertli belgiler diňe "GS1 Türkmenistan" guramasy tarapyndan Siziň gurama girmek baradaky arzaňyz, maglumatyňyz, çyzykly belgleri almak üçin arzaňyz we ýokarda görkezilen sanawa laýyklykda resminamalar toplumy alnandan soň berilýär.

ÜNS BERIŇ! “GS1 Türkmenistan” guramasyna agza bolan kärhananyň berlen özboluşly anyklaýyş belgilerini beýleki kärhanalara we guramalara bermäge hukugy ýokdur.

                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                               

Hoş geldiňiz!