Guramanyň düzümi we ýolbaşçy edaralary

Guramanyň ýolbaşçy edaralary:

  • Agzalaryň Umumy ýygnagy
  • Müdiriýet
  • Başlyk

Guramanyň ýokary ýolbaşçy edarasy Umumy ýygnak bolup durýar, ol Müdiriýet tarapyndan ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar.

Guramanyň Umumy ýygnagynyň aýratyn hukuklaryna şu aşakdakylar degişli:

  • Guramanyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek
  • Guramanyň tertipnamasyny tassyklamak we oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek
  • Guramanyň uzak möhletleýin meýilnamalaryna we maksatnamalaryna garamak we olary tassyklamak
  • Guramanyň Başlygyny, Guramanyň Müdiriýetiniň we derňew toparynyň agzalaryny dört ýyllyk möhlet bilen saýlamak, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň bes etmek
  • derňew topary hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak
  • Guramanyň býujetine, Müdiriýetiň we derňew toparynyň hasabatlaryna garamak we olary tassyklamak
  • agzalyk gatançlarynyň möçberini we olary geçirmegiň tertibini tassyklamak
  • Guramany ýatyrmak hakynda karar kabul etmek.

Müdiriýet Guramanyň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy edarasy bolup durýar, ol Umumy ýygnaga hasabat berýär we umumy ýygnaklaryň arasyndaky döwürde Guramanyň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar.

Guramanyň Müdiriýeti:

  • nobatdaky we nobatdan daşary Umumy ýygnagy çagyrýar, oňa gün tertibiniň taslamasyny, Guramanyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek boýunça teklipleri girizýär
  • Guramanyň Başlygyny we Başlygynyň orunbasaryny, Müdiriýetiň agzalaryny galan möhlete gaýtadan, möhletinden öň saýlamak hakyndaky teklipleri işläp taýýarlaýar, olar soňra Umumy ýygnakda tassyklanýar
  • ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýar, ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça çözgütleri we kararlary kabul edýär
  • Guramanyň emlägini we maliýe serişdelerini Umumy Ýygnagyň çözgütlerine laýyklykda dolandyrýar, Guramanyň ýolbaşçysyna onuň emlägini we maliýe serişdelerini dolandyrmak, geleşikleri amala aşyrmak baradaky ygtyýarlyklaryň geçirilmegi hakynda karar kabul edýär
  • Guramanyň býujetiniň ýerine ýetirilişi hakyndaky maglumatlary diňleýär we olara garaýar
  • döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde we halkara guramalarynda Gurama wekilçilik edýär, şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmak hakynda karar kabul edýär
  • Gurama agzalyga kabul edýär we olaryň hasaba alşyny ýöredýär
  • Umumy ýygnaga agzalyk gatançlarynyň möçberini we olary tölemegiň tertibini tassyklamaga hödürleýär
  • Guramanyň başlygynyň hödürnamasy boýunça Guramanyň apparaty hakyndaky düzgünnamany tassyklaýar, şunda onuň gurluşy, wezipe sanawy, ygtyýarlyklary we iş tertibi kesgitlenýär
  • Guramanyň Umumy ýygnagynyň ygtyýarlyklaryna girmeýän beýleki işleri amala aşyrýar.

Müdiriýet Guramanyň islendik agzasyna Guramanyň işi bilen bagly tabşyryklary ýa-da belli bir wezipeleri ýerine ýetirmegi, şeýle hem üçünji taraplarda Guramanyň bähbitlerine wekilçilik etmegi tabşyryp bilýär.

Guramanyň Başlygy şol bir wagtyň özünde Müdiriýetiň Başlygy wezipesini ýerine ýetirýär. Ol Umumy Ýygnak tarapyndan saýlanylýar. Onuň bu ygtyýarlyklarynyň 4 (dört) ýyl möhletiň dowamynda güýji bar. Ýgtyýarlyk möhleti tamamlanýan Başlygyň täzeden saýlanmaga hukugy bar.

Guramanyň Başlygy:

  • Guramanyň we Müdiriýetiň işini guraýar
  • Guramanyň düzüm birlikleriniň işini utgaşdyrýar
  • Müdiriýetiň mejlislerine ses bermek hukugy bolmazdan başlyklyk edýär; ol Müdiriýetiň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär
  • döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, halkara guramalarda Gurama wekilçilik edýär
  • ynanç haty bolmazdan, Guramanyň adyndan çykyş edýär, Guramanyň adyndan ynanç hatlaryny berýär
  • Guramanyň apparatynyň işgärleriniň wezipe sanawyny we aýlyk wezipe haklaryny tassyklaýar, Guramanyň apparatynyň işgärlerini işe kabul edýär we wezipeden boşadýar, olaryň wezipe borçlaryny tassyklaýar
  • Guramanyň adyndan ylalaşyklary baglaşýar we geleşikleri amala aşyrýar, maliýe resminamalaryna, ylalaşyklara, şertnamalara gol çekýär
  • banklarda hasaplaşyk we beýleki hasaplary açýar
  • öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary we görkezmeleri çykarýar
  • beýleki ýerine ýetiriş işini amala aşyrýar.

Derňew topary

Derňew topary Guramanyň maliýe-hojalyk işine gözegçiligi amala aşyrýar. Derňew topary Umumy ýygnagyň öňünde hasabat berýär we Guramanyň Umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanan düzgünnama laýyklykda hereket edýär.

  • Guramanyň derňew topary Guramanyň Müdiriýetiniň, apparatynyň, şeýle hem düzüm birlikleriniň maliýe-hojalyk işiniň barlagyny ýylda azyndan bir gezek geçirýär we olaryň netijelerine garamak we tassyklamak üçin Umumy ýygnaga berýär. Derňew topary Guramanyň tertipnamasynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişini barlaýar. Derňew topary tarapyndan meýilnamadan daşary barlaglar Umumy ýygnagyň tabşyrygy boýunça, Müdiriýetiň ýa-da Guramanyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň talaby boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça amala aşyrylýar.
  • Derňew toparynyň agzalary Guramanyň Müdiriýetiniň we apparatynyň düzümine girip bilmeýär.