GS1 Turkmenistan taryhy

2014 – TÜRKMENISTANYŇ ÇYZYKLY ŞERTLI BELGILER BOÝUNÇA MILLI GURAMASY DÖREDILDI

  • 2014-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza bolup durýan telekeçileriň we söwda kärhanalarynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy esaslandyryldy.

2014 – ILKINJI “950” PREFIKSLERINIŇ BERLIP BAŞLANYLMAGY

  • Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy GS1 Global guramasy tarapyndan berilýän prefiksleri almak üçin öz agzalaryna maslahat we administratiw taýdan ýardam berýär.

2015 – BÜTINDÜNÝÄ GS1 GURAMASYNA AGZA BOLMAK

  • 2015-nji ýylyň maý aýynda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçen GS1 Global guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy bu bütindünýä guramasyna agza hökmünde biragyzdan kabul edilýär.

2015 – "GS1" HALKARA GURAMASY TÜRKMENISTANA “483” PREFIKSINI BERÝÄR

  • Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramanyň GS1 halkara guramasyna agza bolup girmeginden soň, Türkmenistanda ulanmaklyk üçin “483” prefiksi bölünip berilýär.

2015 - “GS1 TÜRKMENISTAN” BRENDI (NYŞANY) DÖREDILÝÄR

  • Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy üçin “GS1 Türkmenistan” brendi (nyşany) döredilýär we muny ulanmak üçin GS1 Global guramasy tarapyndan ygtyýar berilýär.

2015 – ILKINJI MILLI PREFIKS BERILÝÄR

  • "GS1 Türkmenistan" ilkinji milli prefiksi iri hususy guşçulyk toplumy bolan “Guş toplumy” hususy kärhanasyna berýär.

2016 – TK TM 08 «AWTOMATLAŞDYRYLAN ANYKLAÝYŞ WE MAGLUMATLAR ÝYGYMY BOÝUNÇA STANDARTLAŞDYRMAK» TEHNIKI KOMITETI DÖREDILDI

  • TK TM 08 standartlaşdyrma boýunça tehniki komitetAwtomatiki kesgitlemek we maglumatlary ýygnamakBaş döwlet gullugynyň “Türkmenstandartlary” 2016-njy ýylyň 17-nji iýunyndakyStandartlaşdyrmak baradaKanuny esasynda döredildi.

2016 – ILKINJI MILLI ISO STANDARTLARY TASSYKLANYLDY WE GIRIZILDI

  • TK TM 08 standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitet “Awtomatiki kesgitlemek we maglumatlary ýygnamak üçin tehnologiýalar”, esasy döwlet gullugynyň “Türkmenstandartlary” 2016-njy ýylyň 17-nji iýunyndaky Türkmenistanyň standartlaşdyryş kanuny esasynda döredildi.

2017 – TÜRKMENISTANDA ÇYZYKLY ŞERTLI BELGILER BOÝUNÇA ILKINJI WERIFIKASIÝA BARLAGHANASY DÖREDILDI

  • 2017-nji ýylyň aprel aýynyň 10-yna Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň “Çyzykly belgi hyzmatlary” kärhanasynda çyzykly belgileriň simwol görkezijilerini barlaýan werifikasiýa barlaghanasy dördildi. Barlaghana Türkmenstandartlary döwlet gullugy tarapyndan attestatlaşdyryldy. Barlaghanada Döwlet we hususy kärhanalaryň öndürýän önümleriniň gaplarynda ulanýan çyzykly şertli belgileri werifikasiýa barlagyndan geçirilip olara degişli teswirnamalar berilýar.