GS1 taryhy

Biziň taryhymyz – häzirkizaman global söwdanyň okgunly ösüşiniň wakasydyr

Çyzykly belgini (ştrih-kody ýa-da bar-kody) döretmek Florida ştatynda Norman Jozef Wudlandyň deňiz kenaryndaky çägede taýajyk bilen dünýäde birinji çyzykly belgini çeken wagtynda başlanypdy. Ol çyzykly belgi ähli zady özgertdi. Eger çyzykly belgini peýdalanmak bilen gözegçilikden geçen birinji önüm rezin sakgyjy bolan bolsa, häzirki wagtda harytlary anyklamagyň häzirkizaman standartlarynyň peýdalanylmagy bölek satuw söwdasynda, saglygy goraýyşda, jemgyýetçilik iýmiti pudagynda we elektron söwdada iş alyp barmagy köp derejede ýönekeýleşdirdi.

Çyzykly belginiň dörediliş taryhy, has belli oýlap tapyşlary döretmegiň şerti hökmünde, senagat pudaklarynyň öňdebaryjy wekilleriniň ýakyn hyzmatdaşlygyny üpjün etmegiň möhümdigini subut edýär. Iň täze tehnologiýalaryň we amaly programmalaryň ösdürilmegi GS1 standartlarynyň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giň täsir etmegini şertlendirer.

1973 – PUDAGYŇ ÖŇDEBARYJY WEKILLERINIŇ BIRLEŞMEGI

  • ABŞ-da pudaklaryň öňdebaryjy wekilleri simwolikalaryň bar bolan görnüşleriniň ýedisinden harytlary anyklamak üçin ýeke-täk standart hökmünde Ählumumy haryt koduny (UPC) saýlap alýarlar. Häzirki wagtda hem peýdalanylýan Ähliumumy haryt kody (UPC) taryhda birinji “GS1 çyzykly belgisi” bolýar.

1974 – ABŞ-da BIRINJI AÇYKLANAN (OKALAN) ÇYZYKLY BELGI

  • ABŞ-da Bir ölçege getirilen kod boýunça Geňeş (UCC) döredildi, ol standartlaşdyrmak boýunça täjirçilik däl guramadyr.
  • 26-njy iýunda 8 sagat 01 minutda dükanda – “Marsh” supermarketinde (Ogaýo ştaty) açyklanan (skaner arkaly okalan) birinji çyzykly belgi Wrigley rezin sakgyjynyň gabyndaky UPC kody bolýar.

1976 – BIRINJI 13 BELGILI KOD

  • UPC çyzykly belgisiniň asyl görnüşiniň üsti 13-nji dereje bilen ýetirilýär, bu bolsa anyklaýyş ulgamyny global derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

1977 – ÝEWROPA GURAMASY

  • Standartlaşdyrmak boýunça halkara täjirçilik däl gurama hökmünde Ýewropanyň harytlary belgilemek (EAN) Assosiaýiasy döredildi, onuň edarasy Brýussel şäherinde ýerleşýär. Ýewropa ýurtlaryna wekilçilik edýän 12 sany milli gurama bu assosiasiýany esaslandyryjylar boldular. Olaryň bilelikdäki tagallalary bilen EAN anyklaýyş ulgamy ornaşdyrylýar, ol bölek satuw söwda ulgamynda harytlar bilen üpjün ediş hatarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

1980 – ÝERLEŞÝÄN ÝERINI ANYKLAMAK

  • Belli bir zadyň ýerleşýän ýerini belgilemek standartlary ornaşdyrylýar; häzirki wagtda muňa GLN (Global ýerleşiş belgisi) diýilýär.

1983 – DAŞALÝAN GAPDAKY ÇYZYKLY BELGILER

  • Beýik Britaniýada harytlaryň daşalýan gaplaryny belgilemek üçin täze ITF-14 çyzykly belginiň ulanylmagyndan artykmaçlyk alan ilkinji kompaniýalar P&G we Nabisco kompaniýalary boldy, olar açyklamak (okamak) işini logistika tapgyryna çenli giňeltmek bilen maddy-tehniki serişdeleri dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrdylar.

1984 – HALKARA ÖSÜŞI

  • Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Günorta Afrikanyň EAN assosiasiýasyna goşulmagy bilen, Ýewropanyň harytlary belgileme assosiasiýasy Halkara EAN assosiasiýasyna öwrüldi.

1989 – STANDARTLARYŇ ULANYLÝAN UGURLARYNYŇ GIŇELMEGI

  • UCC/EAN -128 kodlarynyň peýda bolmagy bilen çyzykly belgileşdirme standartlarynyň ulanylyşy logistika birliklerine hem degişli bolýar. Bu çyzykly belgileriň simwolikasy Ulanyş anyklaýjylaryny (identifikatorlary) öz içine alýar, olaryň kömegi bilen önüm baradaky goşmaça maglumatlar, mysal üçin, ýaramlylyk möhleti, tapgyry, lot we harydyň mukdary ýaly maglumatlar çyzykly belgä goşuldy.

1990 – GLOBAL GURAMA

  • Bir ölçege getirilen kod boýunça geňeş (ABŞ-daky UCC) we EAN Halkara assosiasiýasy hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler, ol global standartlar ulgamyny bilelikde dolandyrmaga geçmegiň düzgünlerini resmileşdirdi we olaryň 45 ýurtda ýeke-täk bolmaklygyny üpjün etdi.
  • Maglumatlary elektron usulda alyşmak (EDI) boýunça birinji halkara standarty bolan EANCOM standarty çap edildi, onuň ulanylmagy kompaniýalara serhetüsti işewür geleşikleri standartlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

1992 – LOGISTIKA BIRLIKLERINI ANYKLAMAK

  • Ýük konteýnerleriniň global-ýeke-täk koduny (SSCC) peýdalanmak bilen logistiki belgilemek üçin standart format ornaşdyryldy, ol tutuş haryt iberilýän hatarlar boýunça logistika birliklerine gözegçilik etmegi üpjün etdi.

1995 – SAGLYGY GORAÝYŞDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY

  • Saglygy goraýyşda hyzmatdaşlyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen EAN.UCC standartlary birinji gezek saglygy goraýyş pudagyna degişli boldy.

1999 – RFID INNOWASION TEHNOLOGIÝASY

  • Massaçusets tehnologik institutynyň (MIT) binýadynda Awtomatiki anyklaýyş merkezi döredilýär, bu Merkez Önümiň elektron koduny (EPC) öz içine alýan we islendik ýagdaýlarda islendik predmetiň ýeke-täk anyklanmagyny üpjün edýän RFID belliklerinde maglumatlary kodlaşdyrmak çözgüdini işläp taýýarlady.

2000 – SERHETLERIŇ GIŇELMEGI

  • Täze müň ýyllygyň başyna çenli EAN.UCC milli guramalary dünýäniň 90 ýurdunda döredildi.

2001 - XML ORNAŞDYRYLDY

  • XML peýdalanmak bilen işewür habarlar üçin täze EDI standarty çap edildi.

2002 –STANDARTLARY DOLANDYRMAGYŇ GLOBAL PROSESI

  • Standartlary dolandyrmagyň global prosesi (GSMP) başlandy, ol täze işewürçilik standartlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin guramalaryň global forumy üçin meýdançany emele getirdi.

2003 – EPCGLOBAL we DATAMATRIX

  • Önümiň elektron koduny (EPC) we RFID standartyny mundan beýläk hem işläp taýýarlamak we global derejede ulanmak prosesini başlamak maksady bilen, EPCglobal döredilýär.
  • DataMatrix, iki ölçegli simwolika, EAN.UCC ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde makullanyldy. Bu simwolika maglumatlaryň uly möçberini ölçegi boýunça kiçi simwola kodlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

2004 – GDSN we RFID

  • Maglumatlary sinhronlaşdyrmagyň global ulgamy (GDSN) işe girizildi – global, internetiň peýdalanylmagyna esaslanýan, söwda hyzmatdaşlary bilen önüm boýunça esasy maglumatlary netijeli alyşmaga mümkinçilik berýän başlangyç.
  • Birinji RFID (radioýygylykly anyklaýyş) standarty çap edildi – EPC Gen2 standarty UHF RFID belliklerine we açyklaýjylaryna (okaýjylaryna) bildirilýän fiziki we logiki talaplary kesgitleýär.

2005 - GS1: GLOBAL GURAMA ÜÇIN TÄZE AT

  • EAN halkara assoiasiýasy GS1 assosiasiýasy bolýar – bu hakykatdan hem global gurama üçin täze at bolup durýar.

2007 – SARP EDIJÄ EDILÝÄN HYZMAT

  • GS1 ulgamy sarp edijini onuň ykjam aragatnaşyk enjamynyň üstünden önüm barada takyk we ynamly maglumatlar bilen üpjün etmek bilen, sarp edijiniň tejribesini gowulandyrmak üçin “işewürden sarp edijä” (B2C) ulgamynda işe başlady.

2011 - QR KODY

  • GS1 ulgamy iki ölçegli çyzykly belgiden durýan, maglumatlaryň has köp möçberini öz içine alýan we çalt açyklanýan (okalýan) GS1 QR (Quick Response - dessin jogap) koduny girizmek bilen önümleriniň sanawyny giňeltdi.