EDI (Geleşigiň maglumatlary)

GS1 EDI elektron işewür hat alyşmagy amala aşyrmak üçin global standartlary öz içine alýar. Şu standartlar ylalaşylan işewür maglumatlary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda awtomatik usulda elektron görnüşde bermegi peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu işiň awtomatlaşdyrylmagy onuň dessinligini, netijeliligini we takyklygyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda GS1 ulgamynda biri-biriniň üstüni ýetirýän iki EDI standarty bar:

  • GS1 EANCOM®
  • GS1 XML

Standartlaryň ikisi hem dürli peýdalanyjylar tarapyndan ugurdaş işlenip taýýarlanyldy, şunda XML standarty internet tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen maglumatlary alyşmak üçin has gowy uýgunlaşdyrylandyr.

GS1 EDI standartlary barada has doly maglumat almak üçin Global bilim merkezi GS1 sahypasy bilen tanyş boluň.

GS1 EANCOM

GS1 EANCOM® standarty UN/EDIFACT (EDIFAKT BMG) standartynyň kiçi topary bolup durýar. UN/EDIFACT – bu dolandyryş, söwda we transport ulgamlarynda maglumatlary elektron alyşmak standartydyr. GS1 EANCOM diňe işewür amaly programmalar tarapyndan talap edilýän habarlaryň elementlerini öz içine alýar.

GS1 EANCOM standarty söwda predmetlerini anyklamak boýunça GS1 standartlaryny logistika birlikleri bilen we biziň söwda hyzmatdaşlarymyz baradaky maglumatlary özünde jemleýän Global ýerleşiş belgisi (GLN) bilen birleşdirýär.

GS1 EANCOM standartlary barada has doly maglumat almak üçin Global bilim merkezi GS1 sahypasy bilen tanyş boluň.

GS1 EDI XML

XML – bu internetiň üstünden maglumatlary alyşmak üçin işlenip taýýarlanan dildir. GS1 ulgamy GS1 EDI (Maglumatlary elektron alyşmak) üçin standart habarlar toplumyny döretmek üçin XML-i peýdalanýar.

GS1 XML standartynda habarlary alyşmak islendik tehniki çözgütleri ýa-da internetiň transport protokolyny peýdalanmak bilen amala aşyrylyp bilner.

XML standartynda ulaglar we logistika, nagt pullar boýunça tabşyryk (sargyt, gowşurmak we tölemek) ýaly prosesleri goldaýan standartlaryň ýeterlik mukdary bardyr.

GS1 EDI XML standartlary barada has doly maglumat almak üçin Global bilim merkezi GS1 sahypasy bilen tanyş boluň.