Agzalyk tölegleri

Agzalyk gatanjy girilen wagtyndaс: 1400 manat

Agzalyk uzaldylanda:                     1400 manat

GTIN:                                           9 sany       

Maýyplara, daýhan birleşiklerine we döwlet tarapyndan subsidiýa berilýän kärhänalara agzalyga giriş we ýyllyk gatanjy 200 (iki ýüz) manat.

Siz bellige alyş görnüşlerini dolduranyňyzdan we zerur bolan ýygymlary töläniňizden soň GS1 ulgamynda siziň kompaniýaňyzyň Global prefiksi we Global anyklaýyş belgisi emele getiriler. Siziň kompaniýaňyzyň GS1 ulgamyndaky Global prefiksi diňe siziň kompaniýaňyzyň bellige alyş belgisi bolup durýar – siz öz belgiňizi haýsydyr bir kompaniýa bermeli ýa-da ony peýdalanmaga rugsat etmeli dälsiňiz.

Ýyllyk agzalyk gatançlarynyň tölenmedik ýa-da GS1 Türkmenistan guramasynyň kadalarynyň we gollanmalarynyň berjaý edilmedik ýagdaýlarynda siziň "GS1 Türkmenistan" guramasyndaky agzalygyňyzyň ýatyrylyp bilinjekdigine üns beriň. "GS1 Türkmenistan" guramasynyň agzalygyndan çykan wagtyňyzda siz degişli görnüşi-arzany doldurmaly we ony GS1 Türkmenistan guramasyna bermeli bolarsyňyz.