Guramanyň gurluşy

«GS1 Türkmenistan» Milli guramasy – agzalarynyň umumy bähbitlerini goramak we tertipnamada beýan edilen maksatlary amala aşyrmak üçin hereket edýän, meýletin, täjirçilik däl birleşmedir. Gurama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, tertipnamasynyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda işleýär.

Guramanyň agzalary Guramanyň tertipnamasyny ýerine ýetirýän hem-de ykrar edýän, giriş gatançlaryny tölän, üznüksiz we yzygiderli ýagdaýda agzalyk gatançlaryny töleýän we Guramanyň işine gatnaşýan ýuridik şahslar we telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar bolup biler. Guramanyň agzalarynyň deň derejede hukuklary we borçlary bar.

Gurama ýuridik şahs bolup durýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda jemgyýetçilik birleşikleri üçin göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýar we jogapkärçiligi çekýär. Gurama özüne çyzykly şertli belgileri peýdalanyjylary we Türkmenistanyň çäginde çyzykly belgilemäni we awtomatiki anyklaşdyrmany ösdürmeklige gyzyklanma bildirýän taraplary birleşdirýär.

Guramanyň düzümi, şeýle hem ýolbaşçy we ýerine ýetiriji edaralarynyň agzalarynyň sanawy şu ýerde getirilýär:

- Guramanyň düzümi we ýolbaşçy edaralary

- Müdiriýet agzalary