GS1 ulgamy

GS1 belgileme we çyzykly belgileme ulgamy olardan peýdalanyjylaryň şulary üpjün edip bilmekleri üçin işlenip taýýarlandy:

- öz kärhanasynyň mümkin bolan derejede netijeli hereket etmegini üpjün etmek

- öz hyzmatdaşlary bilen ýeňil goşulyşmagy we bir bitewilige birleşmegini üpjün etmek

Ahyrky maksat – siziň haryt iberýän hatarlaryňyzyň bäsleşige ukyplylygyny aňrybaş ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

GS1 ulgamy harytlar anyklananda, maglumatlar toplananda, maglumatlar elektron alşylanda we maglumatlar sinhronlaşdyrylanda halkara standartlaryny peýdalanmak arkaly haryt iberilýän hatarlarda elektron söwdany dolandyrmagyň tejribesini kämilleşdirmek prosesiniň üznüksizligini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu standartlar zerurlyklara jogap bermek we telekeçiligiň isleglerini we tehnologiýadaky üstünlikleri öz içine almak üçin üznüksiz kämilleşdirilýär we giňelýär.

GS1 ulgamy awtomatlaşdyrylan biznes-proseslerini peýdalanmak arkaly, söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda maglumatlaryň çalt, netijeli we takyk hereketini üpjün edýär, bu bolsa islendik telekeçilik işiniň üstünliginiň düýpli faktory bolup durýar.

Standartlaryň möhümligi

GS1 ulgamy ählumumy global standart bolup durýar. Bu bolsa standartdan peýdalanyjylaryň ählisiniň kodlaşdyrmagyň meňzeş kadalaryna gollanmalydyklaryny aňladýar. Netijede, söwda hyzmatdaşlary dünýäniň islendik nokadynda GS1 ulgamynyň belgilerini we çyzykly belgilerini açyp (okap) bilerler.

Munuň üstesine-de, GS1 ulgamynyň çäklerinde belgileme ýeke-täk görnüşde bolup durýar, şonuň üçin hem hiç bir önümi beýleki önüm bilen garyşdyryp bolmaýar.

Ulgamdan peýdalanylmagy harajatlaryň we wagtyň az sarp edilýändigi bilen bagly söwda aýlanyşygyna gatnaşýanlaryň ählisine peýda getirýär, şol bir wagtda bütin haryt iberilýän hataryň takyklygyny we netijeliligini ýokarlandyrýar.

Haryt iberilýän hataryň netijeliligi: bäsleşikde üstünlik gazanmagyň açarydyr.

Kärhananyň üstünligi barha köp derejede gowy önümiň bardygy bilen däl-de, eýsem, haryt iberilýän hatary dolandyrmagyň has netijeli tejribesiniň bardygy bilen kesgitlenýär.

Haryt ibermegiň netijeli hatary siziň kompaniýaňyza ertir öz önümleriňize we harytlaryňyza has ýokary islegi we bäsleşige ukyplylygy üpjün etmek üçin, şu wagtdan başlap söwda hyzmatdaşlaryňyz bilen has amatly gatnaşyklary gurmaga mümkinçilik berýär.

Haryt ibermegiň netijeli hatary siziň kompaniýaňyza şunuň ýaly artykmaçlyklary we peýdalary berýär:

- Dolanyşyk serişdeleriniň ätiýaçlyklaryny we degişli pul harajatlaryny azaltmagyň hasabyna maýa goýumlardan alynýan peýdany ýokarlandyrmak

- Harytlaryň ýok bolýan ýagdaýynyň ýüze çykmagy üçin şertleri azaltmagyň ýa-da doly aradan aýyrmagyň hasabyna satuwlaryň möçberini artdyrmak

- Harytlaryň eltilip berilýän möhletlerini çaltlandyrmagyň, ätiýaçlyklaryň üstüni üznüksiz doldurmagyň we olaryň bolmagyny kepillendirmegiň hasabyna sarp edijilere edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak

- Ätiýaçlyklara we materiallara gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna</span> öndürijiligi ýokarlandyrmak, bu administratiw işler üçin sarp edilýän harajatlaryň we wagtyň azalmagyna getirer

- Hojalyk işiniň möçberi boýunça seljermegiň has takyk ulgamyny peýdalanmak bilen, harajatlary seljeriş ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna peýdalylygy ýokarlandyrmak.

GS1 standartlaşdyrylan çyzykly belgileriniň netijeli halkara söwdasynyň ösmegine ýardam edişi ýaly, GS1 elektron söwda standartlary geljekde netijeliligiň has ýokary derejesini üpjün ederler.

Harajatlary azaltmaga we netijeliligi ýokarlandyrmaga çalyşýan öndürijiler, bölek satuw söwda ulgamy we döwlet guramalary tarapyndan barha ýokarlanýan islege jogap hökmünde işlenip taýýarlanan, belgilemegiň we çyzykly belgilemäniň bar bolan ulgamyna esaslanýan we onuň bilen goşulyşan bu standartlar elektron söwda has ýeňil geçilmegini üpjün ederler.

Elektron söwda kompaniýalara kagyz göterijilerdäki resminamalary işlemekde köp prosesleri awtomatlaşdyrmak arkaly bu amallaryň zähmeti talap edişini ep-esli azaltmaga we köplenç ýagdaýda ýalňyşlara getirýän köp sanly gaýtalanýan el bilen amala aşyrylýan amallary aradan aýyrmak bilen resminamalaryň düzülişiniň we işlenişiniň takyklygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Elektron söwda işewür geleşige gatnaşýanlaryň ählisine önümleri öndürmekdäki, gaplamakdaky we daşamakdaky ösüşlere monitoring geçirmek mümkinçiligini açmak bilen, jogapkärçilik derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.