GS1 Turkmenistan barada

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we söwda kärhanalarynyň goldamagynda 2014-nji ýylyň 27-nji martynda döredildi.

2015-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy Brýussel şäherinde ştab-kwartirasy bolan GS1 halkara guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we “GS1 Türkmenistan” brendini peýdalanmaga hukuk aldy. Şu pursatdan başlap, “GS1 Türkmenistan” türkmen haryt öndürijilerine “483” milli prefiksinden (koddan) başlanýan çyzykly belgileri berýär.

Türkmenistanda GS1 halkara guramasynyň ýeke-täk ygtyýarly wekili bolup durmak bilen, “GS1 Türkmenistan” Milli guramasy Türkmenistanyň çäginde çyzykly belgileri we awtomatik usulda anyklaýyş ulgamlarynyň mundan beýläk hem giňden ornaşdyrylmagyna we peýdalanylmagyna ýardam etmegi öz öňünde maksat edip goýýar. Bu bolsa olardan peýdalanyjylara öz kärhanasynyň has netijeli işlemegini gazanmaga we özleriniň halkara söwda hyzmatdaşlary bilen dessin özara hereketi ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şunuň ýaly çäreler biziň guramamyzyň agzalarynyň içerki we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny gürrüňsiz ýokarlandyrar.