GS1 Ýewropadaky Direktorlar geňeşi, iş mehanizmlerini kämilleşdirmegi maksat edinýär

24 aprel 2024

24-25-nji aprelde Norwegiýanyň Oslo şäherinde GS1 Ýewropa sebitleýin direktorlar geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Aralarynda 49 milli guramanyň ýolbaşçylary hem bar bolan ýygnaga gatnaşyjylara, GS1-i kabul edýän tarap bolup durýan Norwegiýanyň ýerli ykdysadyýeti we ýerli GS1 strategiýasy barada şekilli çykyş bilen tanyş bolarlar hem-de öz ýurtlarynda GS1 standartlaryny öňe sürmek bilen baglanyşykly derwaýys meseleler barada maglumat bererler.

Geňeşiň gün tertibi GS1-iň sebitleýin we global derejelerde iş mehanizmlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Geňeş agzalaryna 27-28-nji martda Amsterdamda geçirilen hem-de GS1-iň Ýewropadaky geljegi üçin birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan Ýewropa Sebitleýin Komitetiniň (REC) mejlisinde kabul edilen kararlar barada habar berler.

Direktorlar geňeşiniň üns merkezinde, GS1-iň Ýewropadaky işini täzelemek boýunça halkara işjeňligi, şol sanda döwletleriň bu ugurdaky syýasatlary (hemmelere laýyk gelýän bir QR kody), aragatnaşyk, marketing we beýleki çäreler bolar.

Görüş 2030: ynamly kesgitleýjiler we barlanylýan maglumatlar, söwdany sanlylaşdyrmak, täze nesil çyzykly kodlara geçiş we GS1 binýadynda QR kodlary nyşanlamak, GS1-iň Global býujeti, Baş Assambleýanyň taýýarlyk, GS1 Global gözleg we okuw Maksatnamasy (GTTP) ýaly beýleki global mesleler hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem birnäçe guramaçylyk meselelerine seretmek we olar boýunça degişli kararlary kabul etmek meýilleşdirilýär.